Microsoft korporasiýas nyň esaslandyryjysy Bill Geýts sanjymlaryň oýlanyp
tapylmagyny adamzat taryhynda iň uly ylmy üstünlik diýip atlandyrdy. Ol bu
barada Handelsblatt bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, pandemiýa bilen baglanyşykly soňky wakalary göz
öňünde tutup, koronawirus sanjymlary "şu ýyl pandemiýany ýeňip geçjekdigimize
uly umyt berdi". Geýts alymlaryň beýle gysga wagtyň içinde täsirli sanjymy hiç
wagt döretmändigini belläp geçdi.
Geýts ozal koronawirusdan goramak üçin üç sanjymyň zerurdygyny
aýdypdy.