Meksikaly 26 ýaşly Andrea Meza kompýuter tehnologiýasy boýunça inžener
hünäriniň eýesi. Bu zenan bu ýyl dünýä boýunça geçirilýän " Älem gözeli"
bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ikinji we üçünji oruna braziliýaly Julia Gama we Yanik
Maçeta Del mynasyp görüldi.
Miss Universe-iň taryhynda Meza bäsleşikde ýeňiş gazanan Meksikaly 3-nji
zenan bolup durýar.
Ýadyňyzda bolsa, 2020 -nji ýylda bütündünýä ýaýran pandemiýa sebäpli
"Älem gözeli" bäsleşigi geçirilmändi.
Serdar HOMMADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby