Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow
Hökümetiň Awazada geçirilen göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän
okuwçylara gowşurmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän “Bilimli” nyşanly
okuwçy kompýuterleriniň synagdan geçirilendigini hem-de olaryň hil
standartlaryna, çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyk gelýändigi we bu
babatda degişli kepilnamalaryň alnandygy barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna
“Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda”
Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda
kompýuter önümçiligi boýunça täze pudagyň döremeginiň sanly ykdysadyýeti
ösdürmek, ykdysadyýetimiziň özümizde öndürilen maglumat tehnologiýalaryna
bolan isleglerini üpjün etmek bilen bagly aýratyn möhüm wezipäni amala
aşyrmakda ähmiýetlidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen ýörite
multimediýa okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip,
hödürlenen resminama gol çekdi hem-de kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça
anyk tabşyryklary berdi.