Türkmenistanda hereket edýän telekeçi taraplar we hususy kompaniýalar üçin
eksport gümrük pajy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrylýar.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediýasy
habar berdi.
Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen
meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el
goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin
gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajy 2022-nji
ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrylar.
Şeýle hem resminama laýyklykda, hususy kompaniýalaryň we telekeçileriň öz
öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem olardan we ilatdan satyn alan
harytlarynyň (çig malyny) eksport edilmegi bilen bagly şertnamalar eksport
edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp
bilner.
Bu Kararyň ýerine ýetirilmegi bilen eksport edijilere goldaw bermek arkaly
ýurtda eksportyň möçberleriniň artdyrylmagyna garaşylýar.