Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna
gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady
bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak
meýilleşdirilýär.
Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awazada geçirilen
göçme mejlisinde milletiň Liderine habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde,
aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe
ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi
çekdi, şeýle hem döwlet Baştutany ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň
isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň
içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak
meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Awazada ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açylar

RU












