Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs
ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk,
abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün
Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda taraplar häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ähli
ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi, bir
tarapdan, diýseň guwandyrýar, beýleki tarapdan bolsa, täze üstünliklere giň ýol
açýar.
Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary
döwletara gatnaşyklara täze güýç hem-de many-mazmun taýdan özara
gyzyklanmalary tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar netijesinde, doganlyk
gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň
halklarynyň bähbidine sazlaşykly ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam
bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow gazak kärdeşini doglan güni bilen gutlady
