2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy,
şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň
Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerinde ýerleşýär,
bu ýerden şäheriň gözel keşbine syn edip bolýar. Ol 1972-nji ýylda guruldy.
Teleýaýlym diňiniň beýikligi 274,5, deňiz derejesinden beýikligi – 719,2 metrdir.
Teleýaýlym diňi şäheriň ähli ýerinden diýen ýaly görünýär, ol Tbilisiniň esasy
nyşanlarynyň biridir.
Bu çäre iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we doganlyk
gatnaşyklaryna, şeýle hem Türkmen halkyna çuňňur hormatyny ýene bir gezek
görkezdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi iki günläp Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň
reňkleri bilen şöhlelendiriler.
Tbilisiniň teleýaýlym diňe tükmen baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirildi

RU












