Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.
Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda
“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň
buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we
awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.
Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we
Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giňelýän hyzmatdaşlygyň özboluşly
köprüsine öwrülen täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular, ýaşlar
gatnaşdylar.
Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom
ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.