Wirjiniýadaky Arkalaşygyň Uniwersitetinden alymlar topary barlag geçirdi,
netije pet-terapiýanyň stres döwründe talyplaryň ýerine ýetiriji funksiýalaryna
nähili täsir edýändigini görkezdi. Munuň üçin barlag geçirijiler 309 talyplary
saýlap, olary üç topara böldüler: birinji topar terapiýa hökmünde itler bilen
gürleşdi, ikinji topar – psiholog bilen, üçünji topar bolsa itler we psiholog bilen deň
derejede gürleşdi.
Barlagyň netijesinde ýerine ýetiriji funksiýalaryň gowulaşmagy (maksatlara
görä hereketleri meýilleşdirmek, kontekste baglylykda reaksiýany üýtgetmek we
ş.m.) diňe birinji toparyň stresli talyplarynda ýüze çykdy. Şeýle hem,
kanisterapiýanyň oňyn täsiri synagdan alty hepde geçenden soňra hem dowam etdi.
Şeýlelik bilen, gözlegler käbir ýagdaýlarda öý haýwanlar bilen bejerginiň,
psiholog bilen işlemekden has täsirli bolandygyny görkezdi. Şeýle-de bolsa,
alymlarа entek alnan netijeleriň mehanizmini aýdyňlaşdyrmak garaşýar.