Gwatemalada Pakaýa wulkany atylyp çykýar. Ýerli ýaşaýjylar
islandiýalylaryň göreldesine eýerip, wulkandan çykýan lawada nahar bişirip
başladylar.
Bu görelde 34 ýaşly hasapçy Deýwid Garsiýa tarapyndan görkezildi. Ol lawa
akymlarynyň gapdalynda meýdan aşhanasyny gurup, klassyky pizza bişirdi.
Garsiýa çörek bişirilýän galyp hökmünde müň gradusa çenli gyzgynlyga çydap
bilýän ýörite metal galyplary ulandy. Garsiýa öz döredijiligini "Pakaýa" pizza
diýip atlandyrdy.
Görnüşi ýaly, bu adam täze adat döretdi. Indi lawany görmäge gelýän
jahankeşdeler, lawada bişirip hem-de atylyp duran wulkany synlap iýmek üçin öz
ýanlary bilen zefir, şöhlad önümleri we doldurylan pizza getirýärler.
Gwatemalanyň ýaşaýjylary wulkanda pizza bişirip başladylar
