Käşir we çernika görüşiň saklanmagyna ýa-da dikeldilmegine täsir etmeýär –
bu toslama, beden olary diňe belli bir mukdarda siňdirip biler. Bu barada lukman-
oftamolog Wýaçeslaw Kurenkow aýtdy.
"Bu maddalaryň beden tarapyndan her günki siňdirijilik möçberi bar. Eger siz
bir kilogram käşir iýseňiz,hut bir kilogram käşiriň beden taýdan siňdiriljekdigi
aňlatmaýar. Organizm özüne gerek bolan mukdary kabul eder, mysal üçin bir gije-
gündiziň dowamyndaky möçberi 15 mikrogram bolar we beýleki galanlar bolsa
iýmit siňdiriş ulgamynyň üsti bilen boşadylýar "-diýip Kurenkow mälim etdi.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, adaty görüşi saklamak üçin sagdyn
iýmitlenmek, iş we dynç almak üçin kadalaşdyrylan wagt, şeýle hem arassa
howada bedenterbiýe ýeterlikdir.
Lukman şeýle meselelerde hünärmenler bilen maslahatlaşyp, barlaglardan
geçmegiň has gowudygyny aýtdy. Adaty görüş bilen ýylda bir gezek lukmana
baryp görünmek ýeterlikdir, diňe lukman her şahsyň özüne görä maslahatlary berip
biler – diýip Kurenkow sözüni jemledi.
Lukman görüşi dikeltmek barada meşhur mifini ýalana çykardy
