Tupan sebäpli Sahalin kenaryna köp mukdarda takgaz tohumlary taşlandy.
«Neçaýewka kenar ýakasyndan gündogara tarap takmynan 3 km uzynlykdaky
we birnäçe metr giňlikdäki uzalyp gidýän üznüksiz zolak. Işbil gatlagynyň
galyňlygy kä ýerlerde 10-15 santimetre ýetýär" – diýip "Sahalin ekalogiki
wahtasynyň" ýolbaşçysy Dmitriý Lisiniý sosial ulgamda habar berýär.
Onuň sözlerine görä, Aniwa aýlagynyň kenaryndaky bu wakany adatdan
daşary diýip atlandyryp bolmaz. “Janly takgaz balygynyň kenara taşlanmagy bilen
birlikde, kenarda galan ýumurtgalaryň – köp sanly işbil taşlanşynyň ýene bir
subutnamasydyr. Hawa, bu Sahalin-Hokkaýd takgazlarynyň ýaşaýyş döwründe
umumy,adaty bir alamatydyr we bu hiç hili betbagtçylyk däldir! " -diýip hünärmen
düşündirdi.
Ýerli ýaşaýjylar işbilleri zaýa etmeli däl diýen karara geldiler.Olary
maşynlara ýükläp, dökün hökmünde ulanmak üçin mellek ýerlere getirýärler.
Sahalin kenarlaryna takgaz balygynyň tonnalarça işbili taşlandy
