2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler
ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen
Aşgabada geldi.
Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň
ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
kabul edildi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça
bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga hem-de
Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga Goşmaça
Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara Türkmenistanyň Daşary
işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler
ministri Abdulaziz Kamilow gol çekdiler.
Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda
türkmen we özbek wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi örän
baý mazmunly boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-
ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki
ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.