Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik
stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur
bolan turba önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Lebap
welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň
meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan dürli görnüşli
turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Trubnaýa
Metallurgiçeskaýa” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň “GAZPROM Schweiz AG” kompaniýasy bilen şertnamany
baglaşmaga ygtyýar berildi.
Milli Liderimiz bu Karary Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde
bellenilip geçilýär.
Türkmenistan daşary ýurtlardan turba satyn alar
