2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň
Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç
hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti
Kais Saidiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Tunis Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň
Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de
Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da
berkejekdigine uly ynam bildirdi.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň ilçisi Tunis Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Tunis Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
