Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Arkalaşygyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, energetika, döwrebap tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarda, işewür düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi bellenilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyna serediler. Bu resminamanyň kabul edilmegi däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder.