Microsoft täze Windows 10X operasiýa ulgamyny 2019-njy ýylyň ikinji
ýarymynda hödürläpdi, ýöne şeýle-de bolsa ol çykmady. Myş-myşlara görä,
kompaniýa bu ulgam üçin uýgunlaşma tapmady we ondan dänmek kararyna geldi,
käbir işlemeleri bolsa adaty Windows 10-a göçürerler.
WindowsLatest saýty, Windows 10-yň barlag üçin gurnamasynda
eýýäm,10X-yň ýatyrylan detallary peýda bolandygyna ünsi çekdi – bu bildiriş
paneli üçin täze dizaýn. Bu menýuda, goşmaça blokyň ululygyny çalt sazlamalar
bilen sazlap ýa-da doly gizläp bilersiňiz.
Windows 10X ilkibaşda sensor dolandyryş ulgamy hökmünde
meýilleşdirilipdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen,ony arzan bahaly kompýuterler üçin
täzeden düzüp başladylar – ChromeOS-yň analogy hökmünde.
Windows 10X-dan galan täzelikler, Sun Valley diýlip atlandyrylýan esasy
Windows 10 ulgamynyň global täzelenmesinde peýda bolar. Myş-myşlara görä,
ony bu güýzde hödürlärler.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Microsoft Windows 10X-y ýapýar. Ondaky funksiýalar adaty «onluga» girer
Microsoft Windows 10X-y ýapýar. Ondaky funksiýalar adaty «onluga» girer
