Netflix, Arnold Şwarseneggeriň ýerine ýetirmeginde içalylyk barada köp
bölümli kino sargyt etdi. Bu Kaliforniýanyň öňki gubernatorynyň ilkinji uly
telewižion taslamasy bolar. Ol baş keşbi janlandyrar, hem-de ýerine ýetiriji
prodýuser hökmünde çykyş eder.
Kinonyň baş gahrymanlary-kaka we gyzy, olaryň hersi Merkezi aňtaw
gullugynda eýýäm ençeme ýyl bäri gizlin işleýändigini bilýärler we mundan soň
gatnaşyklarynyň doly ýalandygyny we birek-biregi asla tanamaýandyklaryna
düşünýärler. Bu köp bölümli kinofilimde maşgala meseleleri içaly hileleriniň,
gyzykly hereketleriň herekelrriň we degişmeleriň fonunda çözüler. Kaka keşbini –
Şwarsenegger, gyzy – Monika Barbaro janlandyrar.
Taslamanyň ideýasy prodýuser we senarist Nik Santora degişlidir (“Gaçgak,
2020” serialy) Bu köp bölümli kinofilimiň entek ady ýok, ýöne sekiz bölümden
ybaratdygy belli.