Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä,
Ysraýylda koronawirus sebäpli karantin çäklendirmeleriniň hemmesi diýen ýaly 1-
nji iýundan aýrylar.
Saglygy goraýyş ministri Julius Edelşteýn "Ysraýyl adaty durmuşa gaýdyp
gelýär" -diýip açyklady. Ministrligiň metbugat gullugy şeýle kararyň hadysalaryň
pesligi sebäpli kabul edilendigini belleýär.
Şeýlelik bilen, 1-nji iýundan başlap, “ýaşyl pasport” zerurlygy bolmaz we
içerde we daşarda adamlaryň sanyny düzgünleşdirýän “gyrmyzy standart” diýilýän
çäklendirmeler ýatyrylar. Şol bir wagtyň özünde raýatlar içerde maska
​​geýmeli,ýurda giriş we çykyş çäklendirmeleri hem ulanylar, şeýle hem,ministr
raýatlary kesel derejesi ýokary ýurtlara gitmezlige çagyrdy.