AFP habar gullugynyň habaryna görä, Ýaponiýada geçirilen auksionda iki
gawun 2,7 million ýene (25 müň dollar ) satyldy.
Miwe esasan Hokkaido adasyndaky Ýubari şäheriniň ýyladyşhanalarynda
ösdürilip ýetişdirilýän “Yubari King” gibrid premium görnüşine degişlidir. Emma
gawunyň bahasy munuň bilen baglanyşykly däl.
Ýaponiýada gawun auksionlary – däp. Olar her ýyl maý aýynyň ahyrynda
geçirilýär we tomusyň başlanmagyny alamatlandyrýar. 2019-njy ýylda iki gawun
rekort bahasyna, 5 million ýene satyldy. 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy
sebäpli gawuny bary ýogy 120 müň ýen gazandyrdy.
Bu ýylky gawunlar çaga iýmit öndürijisi Hokkaido Products Ltd
kompaniýasynyň paýyna düşdi. Kompaniýa olary doňduryp böleklere bölmegi we
öňünden ýüz tutan çagalary bolan maşgalalara ibermegi maksat edinýär.Şeýle
hereket bilen, Hokkaido Products müşderilerini begendirmek isleýär.