Marvel kinostudiýasy YouTube kanalynda şu ýyl iň köp garaşylýan
filmleriniň ilkinji trailerini neşir etdi – blokbaster "Ebediler".
Bu wideoda sýužetiň detallary anyk görkezilmese-de, tomaşaçylara filmden
nämä garaşmalydygy barada düşünje berýär.
Treýlerde, Bakylaryň – ägirt güýçlere eýe bolan ölmez-ýitmez keseki
planetanyň wekilleridigi gürrüň berilýär.Olar müňlerçe ýyl bäri Ýer ýüzünde
ýaşap, adamlary dürli howplardan gizlin goraýarlar. Şeýle-de bolsa, täze duşmanyň
gelmegi super gahryman toparyny özlerini görkezmäge mejbur edýär.
"Oskar" baýragynyň eýesi Hloe Çžaonyň režisiorlyk eden bu filiminde,
Anjelina Joli, Salma Haýek, Gemma Çan, Kit Harrington, Riçard Madden, Kumail
Nanjiani we başgalar çykyş edýär.