Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbi özüniň aýratynlygy, gözelligi, täsinligi, döwrebap görki, milli ruhuna bagly bolan keşbi bilen haýran galdyrýar. Ak mermerli Aşgabadyň owadan agşamlaryna aýratyn özboluşly ýalkym saçýan dürli reňkli yşyklar, suw çüwdürimli täsin seýilgähler, arassa we döwrebap köçeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynda buýsanç döredýär. Aşgabat şäherimiz gysga taryhy döwrüň içinde täze mazmuna, keşbe eýe boldy we dünýä derejesindaki iri şäherleriň birine öwrüldi. Aşgabadyň täsin özboluşly desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi.
Paýtagtymyz Aşgabat häzirki döwürde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Paýtagt şäherimiziň at-owazasy bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna degişli bolan hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilik pikirleriň başlangyç ýeri hökmünde giňden tanalýar. Diňe bir daşky gözel keşbi bilen däl, eýsem içki ýaşaýyş-durmuş ruhy boýunça hem Aşgabat şäheri dünýä ýüzünde iň bir öndebaryjy şäherleriň biridir.
Aşgabat soňky ýyllarda tehnologiýa täzelikleri yzygiderli ornaşdyrylýan şähere öwrüldi. Sanly ulgama geçmek we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek işleri dowam edýär.

Muhyyewa Nazik,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.