Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler gepleşikleriň dowamynda türkmen-moldowan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Igor Dodon döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Taraplar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, esasy pudaklaryň birnäçesi, şeýle hem işewür toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowan toparynyň ornuny bellediler. Onuň işi hyzmatdaşlygyň kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhman ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhümdigini belläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Syýahatçylyk we sport geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Bu ugurlarda Türkmenistanyň we Moldowanyň gazananlary bilen dostlukly halklary tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.