Il içinde gowy görlüp iýilýän, esasanam çagalaryň söýgüli ýaz nygmaty
bolan tudana diňe bir süýji tagamy bilen däl, eýsem saglyga peýdasy bilen hem
tapawutlanýar. Ol köplenç, buzgaýmaklara we süýjülik tortlaryna tagam bermekde
ulanylýar. Tudanadan dürli şerbetler hem taýýarlanyp, düzüminde birgiden wi-
taminleri we minerallary saklaýanlygy üçin iň oňat miweleriň biri hasaplanýar.
Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP
witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Şeýle-de ol düzüminde kalsiý,
natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, selen, mis we demir ýaly mikroelementleri
saklaýar. Tudana dürli keselleri bejermekde iň gowy serişdedir.
Beloklara, uglewodlara, kletçatkalara baý bolan bu miwe ganazlykda we
bedeniň alyş-çalyş işini dikeltmekde ulanylýar. Şeýle hem öthaltanyň ýollarynyň
näsazlygynda we garyn-içege kesellerinde has-da peýdalydyr. Ol dem alyş
ýollarynyň sowuklamasynda, agyz boşlugynda döreýän ýaralarda täsirli serişdedir.
Ol peşew çykarmakda, üsgülewükde, öýken sowuklamasynda, bronhitde we
böwrek näsazlyklarynda hem peýdalydyr. Maddalaryň çalyşmasynyň
näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde tudana
iýmek maslahat berilýär. Tudananyň düzümindäki köp fosfor göwreli eneler,
talyplar we ylym bilen meşgullanýanlar üçin tapylgysyz önümdir. Tudananyň
düzümindäki karotin, C we E witaminleri, şeýle hem selen güýçli tebigy
antioksidantlar hasaplanyp, bedeni köpsanly nähoşluklardan we zyýanlardan
goraýar.