Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,1% artdy. Bu
barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda şu ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi.
2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda jemi öndürilen önüm
5,3% ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt
dolanyşygy 17,5% artdy.
Şeýle hem, ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 120,4%, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2% ýerine ýetirildi.
Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen
toplumlaýyn çäreler barada hem hasabat berdi. Şu döwürde jemi 52 sany döwlet emlägi
hususylaşdyryldy.
Türkmenistanyň JIÖ-i ýanwar-maý aýlarynda 6,1% artdy
