Ilon Mask we onuň döreden Mask Foundation gaznasy kömürturşy gazyny ele
almak we saklamak tehnologiýasyny ösdürmek üçin 100 million dollar berer. Bu
bäsleşik 2025-nji ýyla çenli dowam eder.
Wezipe şundan ybarat, atmosferadan we ummanlardan her gün azyndan 1
tonna CO2 çykarýan uly model döretmekdir. Mask munuň iň oňat teoriýa üçin
bäsdeşlik däl-de – maksat, hakyky ulgamlary gurnamakdygyny aýtdy.
Hasaplamalara görä, 2050-nji ýyla çenli şeýle ulgam her ýylda 10 gigatona çenli
CO2 çykaryp biler.
Gatnaşyjylary hasaba almak 22-nji aprelde başlandy. Iň oňat 15 toparyň
hersine 1 million dollar berler. Talyp toparlary hem gatnaşar, hersine 209 müň
dollarlyk 15 stipendiýa berilýär.
Netijede, ýeňiji 50 million dollar, ikinji ýeri 20 million dollar, üçünji orny 10
million dollar alar.
Mask 100 million dollarlyk bäsleşik yglan etdi
