Lukman we teleýaýlym alyp baryjy Aleksandr Mýasnikow "Rossiýa 1"
teleýaýlymynyň efirinde bagry esasy "gözellik organy" diýip atlandyrdy.
"Bagyr – diňe bir arassalaýjy süzgüç däl. Bagyr holesterin öndürýär, ondan
ähli gormonlarymyz, şol sanda jyns gormonlary öndürilýär" -diýdi.
Lukmanyň sözlerine görä, bagyrda öndürilýän gormonlar estrogen we
testosteron aýallaryň we erkekleriň özüne çekijiliginden jogapkärdir.
Mýasnikow, "gözellikden" başga-da, bagryň adam bedeniniň
temperaturasyna, beýleki dokumalar üçin zerur beloklaryň sintezine jogapkärdigini
aýtdy.
Lukman adamyň gözelliginiň nämä baglydygyny aýtdy
