Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-
nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary hil
taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara
gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlilik ýörelgelerinde guralýan
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns bermek bilen, Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow we Ilham Aliýew özara gatnaşyklaryň köpugurly
mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna
kybap gelýändigini bellediler.
Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlary
bolmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara işjeň gatnaşyklary saklaýar.
Şunda harytlaryň sanawyny artdyrmakda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuna aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler döwletlerimiziň dünýäde iri önüm öndürijiler we energiýa
serişdelerini iberijiler bolmak bilen, çäk taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen
ýangyç-energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny
bellediler.
Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Bu
ulgamda üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin
uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda bolşy ýaly, bu ulgamda Azerbaýjan
hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedir. Munuň özi
awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli
gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam
edýär.
Söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda medeniýet, bilim hem-de ylym
ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, syýahatçylyk we sport
ulgamlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Bularyň
hemmesi türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap
gelýär.
Şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň
möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistan we Azerbaýjan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan we Azerbaýjan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
