Gawaý ştatynyň Gonolulu şäherinden Waýlet atly pensioner aýal maý aýynyň
ahyrynda 104 ýaşyny belledi. Ol ýaşynyň bir çene baranyna garamazdan, örän
işjeň, öz-özüne hyzmat edýär, gürrüňdeşlikleri we lezzetli naharlary gowy görýär.
Ýaşy sebäpli, Waýlet ýerli ýaşaýjylarň arasynda meşhurdyr, şonuň üçin ony
doglan güni bilen gutlamak üçin diňe garyndaşlary we dostlary däl, eýsem
žurnalistlerem geldi. Elbetde, her kim onuň uzak ýaşamagynyň syry bilen
gyzyklandy. Ol aýal hiç zady gizlemezden gürrüň berdi.
Waýletiň pikiriçe, söýgi, degişgenlik we köp doňdurma oňa şeýle garrylyk
ýaşyna ýetmäge kömek etdi. Pensioner pisseli, kerkaw şerbetili doňdurmasynyň iki
poeziýasynyň ony has bagtly edýändigini we şonuň üçin ömrüni uzaldýandygyny
aýtdy.
Dogry, Waýlet gowy genleriň uzak ömre täsir edip biljekdigini hem
düşündirdi. Mysal üçin,onuň kakasy 94 ýaşapdyr, diýip Khon2 habar berýär.