“EuroPulse”-iň habar bermegine görä, Rimde pyýada geçelgelerinde "akylly"
datçikler gurnarlar, bu bolsa pyýadalar bilen heläkçilikleriň we çaknyşyklaryň
sanyny azaldar.
Emeli intellektiň kömegi bilen datçikler, ýoldan geçjekleriň sanyny
yzarlamaga we awtoulaglaryň akymyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Bu ulgam sürüjiler, pyýadalary has-da saýgaryp bilmekleri üçin çatrykdaky
ýörite yşyklandyryjylary ulanyp, Olaryň ýakynlaşandygy barada duýduryş berer.
Bu datçikler bilen şäherdäki boş awtoulag duralgalarynyň sanyny hem yzarlap
bilerler. Bu awtoulag duralgalaryny gözleýän sürüjiler sebäpli dörän dyknyşygy
azaldar. Mundan başga-da, ulgam duralgalarda jemgyýetçilik transportyna
garaşýanlaryň sany barada maglumat berer.
Rimde ýollara «akylly» datçikler gurnamagy meýilleşdirýärler
