Bu ajaýyp howuz iýun aýynyň başynda Londonyň günorta-günbataryndaky
ýokary derejeli Embassy Gardens ýaşaýyş toplumynda açyldy. 10-njy gat
derejesinde (ýerden 35 metr beýiklikde) iki binanyň arasynda bütinleý düýbi
görünip duran Sky Pool atly howzy guruldy. Howuz Westminster we halkaly sahna
London Eye tarap seredýär.
Diňe toplumyň ýaşaýjylary we myhmanlary Sky Pool howuzyna girip
bilerler, ýöne bu "ýüzýän howuzy"görmek isleýänleriň hemmesi daşardan görüp
bilerler.
Sky Pool, Sidneý operasyny döreden Arup Associates kompaniýasynyň
arhitektorlary we dizaýnerleri tarapyndan işlenip düzüldi. Howuzyň özi çyzgylara
görä Koloradoda ýasaldy. Howuzy doldurmak üçin 375 tonna suw gerek bolar ,
diýip CNN ýazýar.