Braziliýanyň iň tanymal suratkeşlerinden biri Eduardo Srur, polietilen
torbalardan meşhur suratlaryň köp görnüşini döretdi.
Onuň nusgalarynyň arasynda da Winçiniň "Mona Lisa", Hokusaýyň
"Kanagawadan beýik tolkun", Munçyň "Gykylyk" we beýleki suratlaryny görüp
bilersiňiz.
Reproduksiýany "ýygnamak" üçin Srur ýüzlerçe dürli reňkli politilen
torbalary ulanýar. Ol suratlary ýönekeý güýmenje hökmünde ýasamaýar: suratkeş
köpden bäri daşky gurşaw meselelerine ünsi çekip gelýär.
“Siz zyňyndylaryňyzy näme edýärsiňiz? Günde näçe politilen torbalary
ulanýarsyňyz? Näçe sanysy zyňýarsyň? " – diýip ussa soraýar.
“Men 2019-njy ýylda derýa kenarlaryndan, köçelerden we gaýtadan işleýän
zawodlardan toplanan politilen torbalardan ybarat bu seriýany başladym. Olar
çotgalaryň we ýagly reňkleriň ýerini tutýar "-diýip suratkeş öz internet
sahypasynda gürrüň berýär.