“EuroPulse” -niň habaryna görä Finlýandiýanyň Oulu şäheri 2026- njy
ýyldky Ýewropanyň medeni paýtagty hökmünde saýlandy.
Finlýandiýada bu at üçin Tampere we Sawonlinna şäherleri dalaşgär boldular.
Ýene-de bir Ýewropa 2026 medeni paýtagty Slowakiýanyň şäherleriniň
arasynda saýlanar.
2021-nji ýyldaky medeni şäherleri Gresiýanyň Elefsis, Serbiýanyň Nowi Sad
we Rumyniýanyň Timişoara şäheridir.
Ýewropanyň Medeni paýtagty 1985-nji ýyldan bäri saýlanýar. Bu titul üçin
ýüz tutýan, dalaşgär şäherler, ähli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň gatnaşyp biljek
ýörite maksatnamasyny taýýarlamalydyrlar
Taslamanyň esasy maksady – ýewropalylara, goňşularynyň medeniýeti
barada has köp zat öwrenmäge we medeniýetara gepleşiklere gatnaşmaga
mümkinçilik bermekdir.