Agaçdan asylyp duran orangutanyň suraty "Haýwanlaryň özüni alyp barşy"
kategoriýasynda birinji ýeri eýeledi we ýaryşyň baş baýragyny aldy. Suratçy
Tomas Wijaýan bu özboluşly suraty Borneoda düşürdi. Ol suwda duran agaja
çykdy we orangutanlaryň biri agaja çykýança birnäçe sagat garaşdy. Suwda
görünýän sudur sebäpli maýmyn tersine asylyp duran ýaly görünýär.
Beýleki kategoriýalarda syçanlaryň, termitleriň, adamlaryň ýanynda ýaşaýan
garlawaçlaryň we beýlekleriň suratlary ýeňiji boldy. Ýeňijileriň arasynda başga
ýene-de bir optiki illuziýa surat bar. "Gijeki asman" kategoriýasynyň ýeňijisi
Norwegiýada Uttakleýw kenarynda, suratçy Iwan Pedretti tarapyndan düşürilen
ajaýyp gaýanyň suraty boldy. Bu gaýa, demirgazyk çyralary ýalpyldaýan äpet göze
meňzeýär.
Jemi bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden 8 müňden gowrak surat
iberildi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Nature TTL Photographer of the Year surat bäsleşigi 2021-nji ýylyň iň ...
Nature TTL Photographer of the Year surat bäsleşigi 2021-nji ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady
