Has öndürijilikli Android smartfonlarynyň onlugyny, diňe Snapdragon 888
prosessorly modeller düzýär. Maý aýynyň netijelerini meşhur AnTuTu bençmark
jemledi.
Iň güýçki Black Shark 4 Pro boldy – Xiaomi kiçi markasynyň oýun telefony
synagda 830 müň bal gazandy. Umuman alanyňda, reýtinge giren ähli smartfonlar
Qualcomm -dan Snapdragon 888 çipi bilen üpjün edilendir we uly ýady (12/256
gigabaýt) bilen tapawutlanýalar.Ýeňiji bilen iň soňky ýerdäki smartfonyň
arasyndaky tapawut 30 müň baldan az.
Aralyk nyrh kategoriýasy boýunça, smartfonlaryň reýtingi has dürli-dürli
boldy – maý aýynyň netijelerine görä, Snapdragon 780G prosessorly Xiaomi Mi 11
Lite 5G iň güýçli boldy. Ikinji ýeri bolsa MediaTek Dimensity 820 çipli- Redmi
10X Pro 5G smartfony aldy. Bu model geçen ýylyň iýun aýyndan bäri iň
öndürijileriň arasynda durýar.
AnTuTu häzirki wagtda has öndürijilikli ykjam enjam diýip, Apple-den M1
çipli – iPad Pro 12.9 (2021) planşetini atlandyrdy.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam