Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhynyň senenamasyna altyn
harplar bilen ýazylan ajaýyp senesini Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramçylygy uly dawara
bilen belleniljek. Bu baýramçylyk merdana halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda
ýüreginde besläp gelen islegleriniň, beýik söz ussady Magtymguly pyragynyň
şygyrlarynda Berkarar döwlet islärmen diýip belent hyjuw bilen beýan eden berkarar
döwletli bolmak barada ýagşy umytlarynyň, arzuwlarynyň hasyl bolan şanly
baýramçylygydyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan öňden görijiliginden
hasyl bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözürini görüp ýaşaýan gurýan
hem-de döretýän agzybir halkymyz zähmet üstünliklerini gazanyp, bu senäni ýokary
ruhybelentlikde şatlyk şowhunda belleniler.
Ýurdumuzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi we
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy ýyllarynda ýurdumyzy we jemgyýeti durnukly
ösdürmek ugrunda çeken halal zähmeti bilen uly hyzmatlary bitiren adamlar sylaglanar.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli işleri mundan beýläk hem rowaç
alsyn. Ýürek joşgunymy aşakdaky goşgy setirleri bilen tamalamak isleýärin:
Ynsanperwer Arkadagly Diýarym,
Bu gün Garaşsyzlyk toýuna barýar.
Her bir güni täze dessan Diýarym,
Bu gün Garaşsyzlyk toýuna barýar
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyny
Ösüşlerde aldy bedew badyny
Gülzara öwürip oba kendini
Halkym Garaşsyzlyk toýuna barýar
Berdiýewa Aýsoltan
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň mugallymy