16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň duşuşugy
meýilleşdirilýär. TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşyga
gatnaşmak üçin halkara žurnalistleriň 1 müňden gowragy akkreditasiýa sorap ýüz tutdy.
Häzirki wagtda olaryň ýüztutmalaryna seretmek işi dowam edýär. Şweýsariýanyň
Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Pýer Alen Elçinger şeýle belleýär:
“Putin bilen Baýdeniň duşuşygyna gatnaşmak üçin 1 müňden gowrak žurnalist
ýüztutma iberdi. Şweýsariýanyň daşary işler ministrliginiň Habarlar gullugy
akkreditasiýalary gysga möhletde tamamlamak maksady bilen, hödürlenen maglumatlary
barlamagy dowam edýär.”
Ýurduň daşary syýasat edarasynyň maglumatlaryna görä, Metbugat merkezi
14-17-nji iýun aralygynda Ženewanyň Halkara kongresler merkezinde hereket eder.
Zerur enjamlar bilen üpjün edilen iş ýerleri — žurnalistleriň hyzmatynda. Olara çaý, kofe
we arassa agyz suwy hödürlener.
Metbugat merkezine giriş hatyny almak üçin sanitar talaplaryny berjaý etmek
zerurdyr. Şeýle hem žurnalistlerden Şweýsariýa, Ýewropa Bileleşigi ýa-da Bütindünýä
Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan koronawirusa garşy sanjymlary
alandygyny, test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan
kepilnamasyny görkezmek talap ediler.
Orazmuhammet HOMMODOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.