Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet
konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan
döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň
bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri
bahasy 822 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksunyň, «Türkmengaz» döwlet
konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileniň we polipropileniň, şeýle-
de el halylarynyň hem-de pagta süýüminiň jemi bahasy 590 million manatlyga
golaýyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň birža habarlary
