NASA-nyň reaktiw hereketler Laboratoriýasynyň hünärmenleriniň
ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Ýeriň atmosferasyna meňzeş täze
ekzoplanetany tapdylar.
TOI-1231 b diýlip atlandyrylan täze planeta, Ýerden 90 ýagtylyk ýyly
uzaklykda ýerleşip, M synpyndaky kiçi ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. Ululygy
boýunça bu planeta Ýerden uly we has-da Neptun planetasyna meňzeýär. TOI-
1231 b planetasy öz ýyldyzyna Ýer bilen Güne aralygyna garanyňda sekiz esse
ýakyndygyna garamazdan, onuň üstündäki temperatura Ýerdäki bilen bir
meňzeşdir – täze ekzoplanetanyň esasy ýyldyzy biziň Günümizden has sowuk we
garamtyl.
Alymlar TOI-1231 b-da Neptun planetasyndaky ýaly dykyz gaz
atmosferasynyň bardygyna ynanýarlar. Öňki gözlegler şeýle salkyn planetalaryň
ýokary atmosferasynda suw bulutlary bolup, Ýeriň atmosferasyna meňzeş bolup
biljekdigini görkezdi.