New Line we Warner animasiýa studiýalary Jon R.R Tolkinyň "Ýüzükleriň
hökümdary" atly fantaziýa romanlaryna esaslanýan anime döreder diýip, Deadline
habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, geljekki taslama "Ýüzükleriň hökümdary: Rohirrim
söweşi" diýlip atlandyrylar ("The lord of the rings: the war of the Rohirrim"), we
Ýaponyýaly animator- režisior Kenji Kamiýama ("Gündogar Edem 2", "Uklaýan
şa gyzy") ýolbaşçylyk eder.
Tolkieniň eserlerini surata düşüren režisior Piter Jekson we senarist Fren Uolş
bu anime işlerine gatnaşmaýar.Ýöne bu taslama Filippa Boýens goşular. Oskar
baýragynyň eýesi “Ýüzükleriň hökümdary: Korolyň gaýdyp gelmegi” (2003)
filminiň senaristi täze taslamanyň geňeşçisi bolar.
Bu anime “Ýüzükleriň hökümdary” baradaky üçlügiň üstüni doldurar.
"Rohirrim söweşinde", Rohanyň kuwwatly şasy Helma Molotorukogo we onuň
rowaýata öwrülen söweşleriniň birine gönükdirilýär.
Multfilmiň çykjak senesi entek belli däl. Indi, Deadline -de bellenip geçilişi
ýaly, taslamany döredijiler dubly aktýorlary gözleýärler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Habar beriş serişdeleri «Ýüzükleriň hökümdary» kinosy esasynda anime döretjekdigini öwrendiler
Habar beriş serişdeleri «Ýüzükleriň hökümdary» kinosy esasynda anime döretjekdigini öwrendiler
