Kanzasly meteorolog Jeýk Dunne tornadony uçar belentliginden surata
düşürdi.
“Siz haçan-da bolsa bir wagt, uçardan tornadony gördüňizmi? Indi gördük! " –
diýip, ol teswirde ýazdy.
Suratda uly tüweleý ýyldyrym buludyna birigip, Günüň şöhleleri bilen
ýagtylanýar, bu bolsa şekili aýratyn hem üýtgeşik edýär.
Mundan öň tornadonyň reňkli suratlaryny Amerikanyň Montana ştatynyň
ýaşaýjylary paýlaşdylar. ABŞ-da tornado möwsümi mart aýyndan iýun aýynyň
ahyryna çenli dowam edýär.
Tornadony uçaryň penjiresinden görkezdiler
