16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen
onlaýn duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda YHG-niň işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de «YHG-
niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan
meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin
guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen hereketleriň utgaşdyrylmagynyň
derwaýyslygy ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň 15-nji Sammitiniň guramaçylygy bilen
bagly meseleler dogrusynda pikirler alşyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Şu
nukdaýnazardan, nobatdaky Sammitiň taraplaryň YHG-niň sebitinde
öňegidişlikleriň we gülläp ösüşiň gazanylmagyna ählitaraplaýyn ygrarlydygyny
görkezjekdigine ynam bildirildi.
Şonuň ýaly-da, türkmen tarapynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşine
başlyk ediji hökmünde hem şu ýylyň iýulynda onlaýn we fiziki gatnaşmak
formatynda YHG-niň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky
duşuşygynyň geçirilmegine taýýarlygy hem bellenildi.
Şol gün Türkmenistanyň DIM-de ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda YHG-niň
ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň 2021-nji
ýylda YHG-de başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine hem-
de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda köpugurly özara
hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
R.Meredow YHG-niň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen duşuşdy
