“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý Halk Respublikasyndan çekilen karz
serişdelerini doly gaýtardy. Bu karz serişdeleri Türkmenistan – Hytaý gaz
geçirijisini gurmaga we iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge
gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin alnypdy.
Bergileriň doly gaýtarylandygy barada Türkmenistanyň ýangyç-energetika
toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow anna güni
geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýtdy. Bu barada Hytaýyň Döwlet
ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 8-nji iýunda resmi taýdan habar
berlendigi hem bellendi.
Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde
gaýtarmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan
borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär
diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurnanguly Berdimuhamedow nygtady.
“Türkmengaz” Hytaýdan alan karz serişdelerini doly gaýtardy
