Türkmenistanda sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-
de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Bu barada
wise-premýer Ş.Durdylyýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda
amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin
zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal
serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirýär.
Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary
— bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň
önümçiligi ýola goýuldy.
“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap
welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu
önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we
himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik
berýär.
Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndürilip başlanar
