Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň
Geňeşi her iki ýyldan bir gezek GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek
taslamasyny kabul etdi.
Oýunlary GDA döwletleri iki ýyldan bir sapar gezekleşip kabul ederler.
Ýaryşlaryň dowamlylygy 10 günden köp bolmaz. Oýunlara GDA agza däl
döwletlerem gatnaşyp bilerler.
Ýaryşlar 2020-nji ýylda Kazanda guralyp, ol 20-27-nji awgust aralygynda
geçiriler. Kazan Tatarystan Respublikasynyň paýtagty bolmak bilen Russiýa
Federasiýasynyň sport babatda ösen şäherleriniň biridir. Şeýle-de, dürli ýaryşlarda
gazanýan ýeňişleriniň sany babatda öňdebaryjylaryň biri bolup durýar.
GDA ýurtlarynyň oýunlaryna Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň,
Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyna
garaşylýar.
Guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen oňa isleg
bildirýän beýleki döwletleri hem gatnaşmaga çagyrýar. Kazana 2000 töweregi
türgeniň we 600 töweregi resmi adamlaryň barmagyna garaşylýar.
Ýaryşlaryň maksatnamasyna sportuň dzýudo, sambo, kenarýaka woleýboly,
kenarýaka gandboly, mini-futbol, boks, taý boksy, küşt, tans sporty, fehtowaniýe,
karate, girýa sporty, armrestling, mas-resling, sport göreşi, guşakly göreş (koreş),
ýeňil atletika we basketbol (3×3) ýaly görnüşleri giriziler.