Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň
işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy
Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si,
kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär.
Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we
magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary
okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär.
Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty
hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen täze
okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň
mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezini açmak, şeýle hem sanly
ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de täze bölümler açylar
