Iýun aýynda Türkmenistanyň poçta bölümlerinde täze hyzmat ― ýurduň
çäginde howa gatnawlary boýunça petekleriň satuwy ýola goýuldy.
Howa gatnawlarynyň peteklerini Aşgabadyň № 1, 15, 17, 20 poçta
bölümlerinden satyn almak bolýar.
Petekler zerur bolan resminamalaryň we kepilnamalaryň görkezilmegi bilen
satylýar. Petekleri satyn almak bilen bagly sowallara 075 telefon belgisi arkaly
jogap berilýär.
Poçta bölümleriniň salgysy we telefon belgileri
barada turkmenpost.gov.tm saýtynda ýa-da «Çapar» goşundysynda maglumat alyp
bolar.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň poçta bölümlerinde howa gatnawlarynyň petekleri satylyp başlandy
Türkmenistanyň poçta bölümlerinde howa gatnawlarynyň petekleri satylyp başlandy
