Alymlar adamyň ýaşap biljek iň ýokary ýaşyny anyklamak maksady bilen,
ýörite ylmy barlag geçirdiler. Netijede, munuň 120-150 ýaşdygy anyklanyldy. Bu
barada “FAN” neşirinde habar berildi.
Muny anyklamak üçin gerontologlaryň topary birnäçe saglyk görkezijileriniň
esasynda ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň modelini döretdiler. Görlüp
oturylsa, beden özüniň stres sebäpli ýüze çykýan üýtgeşmelerden gutulmak
ukybyny garradykça ýitirýän eken diýip, çeşme ýazýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, 120-150 ýaşdan soň bedeniň stabilleşdirme, ýagny
durnuklaşdyrma prosesi bütinleý diýen ýaly togtaýar.
Mundan ozal alymlar bedeniň garramagynyň üç döwrüni kesgitläpdiler.
Şeýlelik bilen, hünärmenler belogyň bedendäki derejesinde düýpli üýtgeşmeleriň
34, 60 we 78 ýaşlarda ýüze çykýandygyny anykladylar. Şeýlelik bilen, beden şu üç
ýaşyň sepgidinde garraýar diýen netijä geldiler.