Aşgabadyň Şekilendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň belli suratkeşi we sungat ussady Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy.
Aýhan Hajyýewiň türkmen sungatyna goşandy uludyr. Eýýäm, 1947-nji ýylda ýaş suratkeş öz döreden eseri bolan türkmen halkynyň klassyky şahyry Magtymguly Pyragynyň suraty bilen belli boldy. Şol surat häzirem sekilendiriş sungaty muzeýinde ýerleşýär.
Aýhan Hajyýewiň döreden suratlary her bir adamyň ýüreginde uly söýgi döredýär. Olaryň çuň manylylygy, suratyň janlylygy häzire çenli daşary ýurtdan gelen myhmanlary we sungat wekilleri haýrana galdyrýar. Oňa mysala edip Aýhan Hajyýewiň “Birinji mugallym” atly sungat eserini almak bolar. Bu suratda türkmen çölünde barýan adam we onuň ýanyndaky dosty bolan düýesi we horjundaky kitaplar görkezilen. Şu ýerde suratkeş adamlary bilime-ylma bolan höwesiniň armagyna getirýär diýip belläp geçsek ýalnyşmarys. Ondan başga-da Aýhan Hajyýewiň türkmen tebigatyna bagyşlan birnäçe suratlary hem bar.
Aýhan Hajyýewiň döreden eserlerinde hiç ýerde gaýtalanmaýan janlylyk owadanlyk bar. Bul sergide Aýhan Hajyýewiň gyzy we uly ogly Toýly Hajyýew hem gatnaşdylar. Aýhan Hajyýew Türkmen halkyny we Türkmenistanyň medenýetine goşandy ulydyr. Onuň döreden işleri Häzire çenli muzeýlerde goýlup myhmanlary haýrana galdyrýar.