Aziýa pilleriniň ýabany sürüsi Hytaýyň günorta-günbataryna epiki syýahat
bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Näbelli sebäplere görä
haýwanlar eýýäm 500 kilometre golaý ýol geçdiler.
Süri Ýunnan welaýatynyň eteginden, onuň paýtagty Kunmin töweregine
göçdi. Bu "Gezelenç" soňky wagtlarda Hytaýyň sosial mediasynda köp ünsi çekdi
we giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Piller 2020-nji ýylyň mart aýynda ýola çykdylar. Ilki olaryň sany 16-dy, soň
ikisi sürini terk etdi, ýöne olaryň içinde galanlarynyň çagasy doguldy. Şeýlelikde,
häzir toparda 15 sany pil bar: alty sany uly urkaçylar, üç uly erkek, üç ýetginjek we
üç çaga piller bar.
Olaryň ugry dronlar tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.
Pilleriň hokgalary Internetde giňden ýaýrady, bu "zyýaratçylaryň" köp sanly
janköýerleri peýda boldy.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam